8-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Latwiýanyň ýurdumyzda täze bellenen ilçisi Girts Ýaunzemsden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ilçi diplomatik işini Daşkent şäherinde oturýan ýerinden alyp barar. Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ählitaraplaýyn ýardamy we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan ymtylmasyny tassykladylar. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň zerurlygy nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda ilçi türkmen tarapyna mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir