«Wikipedia» ulanyjylara bir ýylyň dowamyndaky işjeňliginiň statistikasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän «Ýylyň jemi» (End-of-Year Recap) funksiýasyny işe girizdi. Bu gural görlen makalalaryň sanyny, has gyzyklanma bildirilen mowzuklary we ulanyjynyň okaýyş üçin sarp eden umumy wagtyny görkezýär. PCMag-yň habar berşi ýaly, funksiýa diňe «Wikipedia» mobil goşundysynda elýeterlidir. Şol bir wagtyň özünde, «Ýylyň jemi» kompýuterde ýa-da myhman režiminde görlenleri däl-de, diňe akkaunta girilende açylan sahypalary hasaba alýar. Spotify Wrapped ýyllyk hasabatyndan tapawutlylykda, bütindünýä internet-ensiklopediýasynyň täze hasabatynda ulanyjynyň ýaşy barada maglumat ýok we web-brauzerdäki işjeňlik göz öňünde tutulmaýar. Şahsy hasabatlardan başga-da, «Wikipedia» mundan öň 2025-nji ýylda iň köp görlen iňlis dilindäki makalalaryň umumy reýtingini we umumy statistikany hödürledi. Maglumatlara görä, her aýda bir milliard töweregi enjam «Wikipedianyň» iňlis dilindäki wersiýasyna girýär. Diňe bu wersiýada ulanyjylar okaýyş üçin aýda 2,4 milliard sagat sarp edýär. 300-den gowrak dil bölümlerini öz içine alýan tutuş platforma aýda 4,6 milliard sagat okaýşy üpjün edýär. Platformanyň bütin dünýäde, takmynan, 250 müň redaktory bar we olar minutda 300-den gowrak düzediş girizýär. Bir ýylda meýletinçiler 300 dildäki makalalara, takmynan, 67 million düzediş girizdi. Düzedişleriň sany boýunça lider iňlis dilindäki bölüm bolup galýar – 30 milliondan gowrak. Onuň yzyndan fransuz, nemes, ispan we rus dillerindäki bölümler gelýär.