Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr. Ad Personam topary kuzowyň daşky görnüşini şahsylaşdyrmaklyga takmynan sekiz iş hepdesini, ýagny 320 sagat sarp etdiler. Nagyş Verde Shock (ýaşyl), Grigio Maat (çal) we Nero Nemesis (gara) reňk öwüşginleri utgaşdyrylyp ýerine ýetirildi we göze ilende tokaý kamuflýažyny ýatladýar. Kuzowynyň reňkiniň temasy salonda hem dowam edýär: interýeri şolar ýaly reňklerde ýerine ýetirilen öküziň keşbi bilen bezelen nagyşlar bilen bejerildi. Özboluşly dizaýnyndan başga-da, superkar Alleggerita bukjasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bukja awtoulagyň umumy agramyny azaldýan ýeňil komponentleri, aerodinamiki elementleri öz içine alyp, awtoulagyň ýere ýapyşma güýjüni ýokarlandyrýar. Temerario-nyň tehniki aýratynlyklary üýtgewsiz galýar: Gibrid model dört litrlik turbo görnüşli V8 we üç sany elektrik hereketlendirijisi bilen işleýär. Olaryň umumy kuwwaty 920 at güýjüne (a.g.) deňdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir