Audi awtoöndürijisi SAIC konserni bilen hyzmatdaşlykda hytaý bazary üçin döredilen E7X krossoweriniň önümçilik wersiýasynyň suratyny görkezdi. E7X modeli täze AUDI markasynyň nemes brendi üçin adaty dört halkaly logotipi bolmadyk ikinji krossoweri boldy. Önümçilikden öňki wersiýa AUDI E SUV noýabrda Guançžoudaky awtosalonda görkezilipdi diýip, Autohome portaly ýazýar. Täze krossoweriň dizaýny markanyň birinji modeline, güýzde Hytaýda satuwa çykan AUDI E5 Sportback-e çalym edýär. Interýeriň suraty entek görkezilmedi. Awtomobiliň doly derejeli premýerasynyň 2026-njy ýylyň ýazynda Pekin halkara awtosalonynda bolmagyna garaşylýar, onuň bazara çykmagy bolsa şol ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilýär. Modeliň tehniki aýratynlyklary barada maglumatlar ýerli Senagat ministrliginiň katalogynda peýda boldy. AUDI E7X-iň uzynlygy 5049 mm, ini 1997 mm, beýikligi 1710 mm, tigir bazasy 3060 mm barabar. Krossower iki görnüşli güýç enjamy bilen elýeterli bolar. Mono-herekete getirijili model 408 at güýjüni berýän bir elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Doly herekete getirijili wersiýa 608 at güýjüni berýän iki hereketlendirijili ulgamy öz içine alýar. Iň kuwwatly wersiýa 5 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyryp bilýär. Awtomobil CLTC sikli boýunça 700 km-den gowrak ýol geçmäge mümkinçilik berýän 109 kWt/sag sygymly akkumulýator batareýasy bilen enjamlaşdyrylýar. Çalt zarýad beriş stansiýasynda bary-ýogy 10 minutda 320 km ýol ätiýajyny dolduryp bolýar.