Paramount Skydance her paý üçin 30 dollar baha bilen Warner Bros. Discovery-ny 108 mlrd dollara satyn almak teklibi bilen çykyş etdi. Bu Warner Bros. kompaniýasy Netflix bilen şertnamany ylalaşandan birnäçe gün soň bolup geçdi diýip, Bloomberg habar berýär. Paramount-yň teklibi Netflix-iň teklibinden 17,6 mlrd dollar ýokary boldy. Ozal, 5-nji dekabrda, Netflix diňe Warner Bros. kinostudiýasyny we HBO Max akym hyzmatyny 82,7 mlrd dollara (her paý üçin 27,75 dollar) satyn almakçydygyny mälim edipdi. Paramount, tersine, tutuş Warner Bros. kompaniýasyny, şol sanda CNN, TNT Sports we Discovery kabel telekanallaryny satyn almagy teklip edýär. Paramount-yň baş direktory Dewid Ellison teklibiň üstünlikli boljakdygyna ynanýar. Paramount öz şertnamasynyň düzgünleşdirijiler tarapyndan hem tassyklanmaga mümkinçiliginiň ýokarydygyny belleýär. Satyn alşy maliýeleşdirmek üçin Paramount Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň garaşsyz gaznalarynyň we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň giýewi Jared Kuşnere degişli bolan Affinity Partners kompaniýasynyň serişdelerini çekdi. Donald Trampyň özi mundan öň Netflix bilen Warner Bros.-yň şertnamasynyň «meseleli» bolup biljekdigini, çünki Netflix-e onsuz hem bazaryň uly paýynyň degişlidigini aýdypdy. Reuters Paramount-yň ýolbaşçysy Dewid Ellisonyň kakasy, milliarder we Oracle kompaniýasynyň müdirler geňeşiniň başlygy Larri Ellisonyň Ak tam bilen ýakyn gatnaşygynyň bardygyny belleýär. Warner Bros. Discovery-nyň müdirler geňeşi Paramount-yň teklibini gözden geçirjekdigini, ýöne Netflix bilen bagly şertnama boýunça öz görkezmelerini üýtgetmejekdigini nygtady. Geňeş kompaniýa täze teklip bilen baglylykda «hiç hili hereket etmezligi» maslahat berdi. Netflix bilen şertnama bozulan ýagdaýynda, Warner Bros. akym hyzmatyna 2,8 mlrd dollar jerime tölemeli bolar. Eger Netflix bilen şertnama düzgünleşdirijileriň razylygyny almasa, onda striming hyzmaty Warner-e 5,8 mlrd dollara çenli öwez tölegini berer. Täze teklip peýda bolandan soň, Paramount bilen Warner Bros. Discovery-nyň paýnamalary söwdanyň dowamynda 7% we 5% ýokarlandy, Netflix-iň paýnamalary bolsa 4%-den gowrak pese gaçdy.