Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM/MHG) Geňeşiniň 8-nji dekabrda Ženewada açylan 116-njy mejlisinde halkara migrasiýasynyň wajyp meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdi. Mejlis 10-njy dekabra çenli dowam eder. Türkmenistanyň wekiliýetine Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Döwran Baýramow ýolbaşçylyk etdi. D.Baýramow öz çykyşynda migrasiýa proseslerini dolandyrmakda utgaşykly halkara hyzmatdaşlygynyň we toplumlaýyn çemeleşmäniň durmuşa geçirilmegiň möhümdigini nygtady. Ol 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi, şeýle hem Migrasiýa we Bosgunlar boýunça Ählumumy Ylalaşyklar ýaly ählumumy çarçuwaly resminamalary milli ösüş strategiýalaryna birikdirmegiň zerurlygyny belledi. Ol bu barada gürrüň edip, Türkmenistanyň migrasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan tagallalary barada maglumat berdi. Bu tagallalar kanuny migrasiýa ýollaryny ýeňilleşdirmäge, ýurda girmek we ondan çykmak düzgünlerini kämilleşdirmäge, şeýle hem migrantlar üçin deň sosial we zähmet hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir. MHG Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine migrasiýanyň we ösüşiň özara baglanyşyklylygy, Guramanyň işiniň strategik ugurlary we agza döwletleriň çykyşlary ýaly meseleler girizildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir