Xiaomi ilkinji üç eplenýän smartfonyny bazara çykarmaga taýýarlanýar. Samsung bilen Huawei-niň iki şarnirli modelleri çykarýan döwründe kompaniýa hem öz ornuny saklamak isleýär we şeýle görnüşde öz wersiýasyny hödürleýär. Ýöne smartfonyň çykjak takyk senesi entek belli däl. Täze maglumatlar Global System for Mobile Communications Association (GSMA) tarapyndan berlen şahadatnamanyň netijesinde peýda boldy. Ozal enjam patent arzasynda we dürli gürrüňlerde agzalýardy. Indi bolsa, maglumatlara görä, Mix Trifold adyny alan modeliň 2608BPX34C belgisiniň bardygy belli boldy. Çeşmeleriň maglumatlary boýunça, smartfon 2026-njy ýylyň üçünji çärýeginde çykyp biler. Smartfonyň ýokary aýratynlyklara, şol sanda bir kristally Qualcomm Snapdragon 8 ulgamyna we üçli kamera eýe bolmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir