9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze açylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň binasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy. Onuň dowamynda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär. Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna bagyşlanan halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen dabaranyň ähmiýetini belledi. Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasyndaky dialogy işjeňleşdirmegiň, çagalaryň saglygyny goramak babatda toplanan tejribäni alyşmagyň, iki halkyň asylly däplerine laýyklykda haýyr-sahawat işini ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Duşuşygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa we Leýla Aliýewa ýola goýlan netijeli dialogyň çagalaryň bähbidine mundan beýläk-de işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir