Bedende holiniň ýetmezçiligi beýnä duýdansyz zyýan ýetirip biler. Amerikaly alymlar bu madda baý önümleri, esasanam, ýaşlykda ýeterlik mukdarda iýmegiň beýniniň zeperlenmesini haýalladyp biljekdigini ýüze çykardylar. Holiniň çeşmelerine ýumurtga, guş eti, balyk we bagyr degişlidir. Arizona döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) geçiren barlagy Aging and Disease žurnalynda çap edildi. Onda alymlar ýaş semiz adamlarda, garrylardaky akyl ýetiriş bozulmalaryna mahsus alamatlara meňzeş beýni stresiniň alamatlaryny tapandyklaryny habar berdiler. Maglumatlar seljerilenden soň, madda çalşygynyň irki bozulmalarynyň demensiýa başlamazdan has öň beýnä täsir edip biljekdigi baradaky netijä geldiler. Barlagçylar synagdan geçirilýän ýaşlaryň iki toparyny (ortaça 33,6 ýaş): semiz we adaty agramly ýaşlary deňeşdirdiler. Semiz toparda neýronlar zaýalananda çykýan belok bolan neýrofilamentiniň (NfL) derejesi ýokardy. Ýaş adamlarda NfL ganda holiniň mukdarynyň pesdigi bilen baglanyşyklydy. Bu ýagdaý, adatça, akyl taýdan peselen we Alsgeýmer keselli garry hassalarda bolýar. "Holin madda çalşygynyň we beýni bozulmalarynyň möhüm markeri bolup, bu barlag onuň gündelik sarp etmegiň ähmiýetini görkezýär, sebäbi ol adamyň saglygy üçin zerurdyr," diýip, barlagyň awtorlarynyň biri Ramon Welaskez belleýär. "Holinden baý iýmitleri berhiziňe goşmak alawlanmany azaltmaga we garrylyk döwründe bedeni we beýnini goldamaga kömek edip biler." Bellemeli zat, holin witamine meňzeş madda, organiki birleşme, 2-gidroksietiltrimetilamonium kationydyr. Holin ilki başda witamin hökmünde toparlara bölündi we B4 adyny aldy. Şeýle-de bolsa, barlagyň dowamynda onuň statusyna täzeden seredildi we ol witamine meňzeş maddalaryň hataryna geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir