Maýamide ýerleşýän we uzak ömür meseleleri bilen meşgullanýan Immorta Bio biotehnologiýa kompaniýasy öz toparynda senolitik immunoterapiýa üçin öz synpynda ilkinji serişde bolan SenoVax dermany üçin patent arzasyny berdi. Işläp düzüjiler öz sanjymlarynyň adamyň ömrüni iki esse uzaldyp biljekdigini we iň agyr keselleri bejermäge kömek edip biljekdigini öňe sürýärler, diýip, Longevity.Technology neşiri ýazýar. Patent arzasynda bu "garramaga garşy sanjymyň" nähili işleýändigi beýan edilýär. Onda dermanyň adamyň immun ulgamyna garraýan öýjükleri takyk kesgitlemegi we ýok etmegi "öwredýändigi" aýdylýar. Bu, garry öýjükleri himiki taýdan öz-özüni ýok etmäge mejbur edýän adaty senolitik serişdelerden tapawutlanýar. SenoVax immun ulgamyny işjeňleşdirmek arkaly garramaga garşy göreşmegiň o diýen howpsuz bolmadyk usulyny hödürleýär. Garraýan öýjükleriň çişme yşaratlaryny çykarmak arkaly bedene ýaramaz täsir edýändigi mälim. Bu yşaratlar dokumalaryň we organlaryň dargamagyny çaltlaşdyrýar, şeýle hem rak keseliniň ösmegine amatly gurşaw döredýär. Bu "artykmaç ýüki" aýyrmak uzak ömürlilik lukmançylygynda geljegi iň uly ugurlaryň biri hasaplanýar. Immorta Bio kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, SenoVax diňe garramagy haýallatmak bilen çäklenmän, eýsem bedene rak ýaly agyr kesellere garşy göreşmäge hem kömek edip biler. Haýwanlarda geçirilen synaglarda SenoVax öýken, döş, beýni, deri we aşgazanasty mäziň çişleriniň ösüşini ep-esli haýallatdy. Bu täsir çişi gönüden-göni nyşana almak bilen däl-de, zyýanly täze keselleriň ösmegine täsirini ýetirýän garraýan öýjükleri ýok etmek arkaly gazanylýar. Immorta Bio kompaniýasynyň prezidenti we baş ylmy işgäri Tomas Içim täze çemeleşmäni şeýle düşündirdi: "Garraýan öýjükleri ýok etmek arkaly, biz garramagyň biologiýasyny azaldýarys we şol bir wagtyň özünde şişiň ösmegi üçin amatly we onuň ýaşamagy üçin zerur bolan mikrogurşawy bozýarys". Ol kompaniýanyň patentleýän dermanyny adam ömrüni uzaltmak ugrundaky göreşde "düýpli özgerişlik" diýip atlandyrdy. Alymlar eýýäm adamlarda kliniki synaglary geçirmäge başlamak üçin gerekli resminamalary tabşyrdylar. Ilkinji gatnaşyjylaryň arasynda ragyň agyr görnüşleri bilen kesellän näsaglar bolar. Munuň uly maksatlar bilen beýan edilýändigine garamazdan, bilermenler dermanyň sagdyn adamlarda ulanylmakdan heniz daşdadygyny duýdurýarlar, sebäbi şu wagta çenli ähli barlaglar diňe gemrijilerde geçirildi. Adamlarda geçiriljek synaglar birnäçe ýyla çekse gerek.