Norwegiýaly lyžaçy, bäş gezek Olimpiýa çempiony Ýohannes Klebo lyža ýaryşlary boýunça dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda karýerasyndaky 100-nji ýeňşini gazandy. Türgen Norwegiýanyň Tronheým şäherinde geçirilen möwsümiň ikinji tapgyrynda klassyk stildäki sprint ýaryşynyň finalynda ýeňiji boldy. Klebo bu aralygy 2 minut 59,89 sekuntda geçdi. Ikinji orny 0,31 sekunt yza galyş bilen onuň watandaşy Oskar Wike eýeledi. Üçlügi bary-ýogy 0,34 sekunt yza galan şwesiýaly Alwar Mýulbak jemledi. Netijede, Klebo dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda gazanan ýeňişleriniň umumy sany boýunça bäsdeşlerinden uly tapawut bilen öňde barýar. Üçlükde başga iki norwegiýaly türgen bar, ýöne olaryň ikisi-de karýerasyny tamamlady: ikinji orny 46 ýeňiş bilen sekiz gezek Olimpiýa çempiony Býorn Deli eýeleýär. Üçünji orunda 38 ýeňiş bilen iki gezek Olimpiýa çempiony Petter Nortug ýerleşdi. 29 ýaşly Klebo bäş gezek Olimpiýa altyn medalyny almakdan başga-da, 15 gezek dünýä çempiony we bäş gezek Uly hrustal globusyň eýesidir.