Dünýäde köp sanly internet serwisleriniň işini üpjün edýän Cloudflare kompaniýasynyň işinde uly bökdençlik ýüze çykdy. Bu hem onlarça saýtlaryň we programmalaryň işine zyýan ýetirdi diýip, The Economic Times habar berýär. Bu soňky iki hepdede Cloudflare-iň infrastrukturasynda eýýäm ikinji uly näsazlyk boldy. Mesele diňe bir ýurt ýa-da sebit bilen çäklenmedi. Bökdençlikler şeýle giň ýaýrandy welin, ulanyjylar hiç ýere arz edip bilmedi – näsazlyk, adatça, şeýle meseleleri görkezýän Downdetector saýtynyň işini-de täsir etdi. Köp adamlar näsazlyk barada X-de habar bermekçi boldy, ýöne ol hem kynlyk bilen işleýärdi. Şeýle-de, näsazlyklar LinkedIn we Discord ýaly meşhur serwislere-de zyýan ýetirdi – olarda ulanyjylar lentalary ýüklemekde we serwerlere birikmekde kynçylyk çekdi. Ulanyjylaryň köpüsi üçin Canva we Notion hem elýeterli bolmady. ChatGPT we Perplexity ýaly emeli aň gurallary jogap bermek mümkinçiligini ýitirdi. Spotify-a we Letterboxd-a girmekde, şeýle-de Upbit we Coinbase birža saýtlarynda hem bökdençlikler hasaba alyndy. Habar berilmegine görä, SpaceX-iň käbir hyzmatlary hem elýeterli bolmady. Cloudflare kompaniýasy Dashboard-a we onuň bilen baglanyşykly API-lere täsir eden bökdençligiň sebäbini öwrenýändigini aýtdy. Internetde şeýle näsazlyklaryň tehniki hyzmatyň dowamynda ýol berlen ýalňyşlygyň netijesinde ýüze çykandygy barada maglumat peýda boldy. Ýagdaý durnukly sazlamalary dikeltmek arkaly dessin düzedildi. Noýabrdaky öňki näsazlyklar hatda Donald Trampa degişli bolan Truth Social sosial ulgamynyň infrastrukturasynyň işlemezligine getiripdi. Umuman alanyňda, Cloudflare-iň işindäki bökdençliklerden diňe bir käbir ulanyjylar däl, eýsem işi prowaýderiň infrastrukturasyna bagly bolan kompaniýalar hem zyýan çekdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir