Samsung Electronics, hytaýly bäsdeşleriniň artýan basyşyna garamazdan, yzygiderli 20 ýyl bäri iň iri telewizor öndüriji bolmagynda galýar. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde iberiş mukdary we teleýaýlym bazaryndaky girdeji paýy boýunça birinji orny eýeledi, ol girdeji bir ýyl öňki 28,6%-den ýokarlanyp, 29,0% -e ýetdi. Muny Omdia barlag kompaniýasynyň maglumatlary görkezýär. LG Electronics umumy girdejisiniň paýy geçen ýyl 16,5%-den 15,2%-e çenli azalsa-da, ikinji orny eýeledi. Üçünji we dördünji orunlary Hytaýyň TCL (13,0%) we Hisense (10,9%) kompaniýalary eýeledi, olar telewizor bazaryna gatnaşygyny artdyrdy. Dünýäde islegiň birneme peselendigine garamazdan, Samsung we LG bahasy $2500-dan geçýän premium teleýaýlym segmentinde güýçli orunlaryny saklap galdylar. Bu segmentde Samsung Electronics ähli girdejiniň ýarysyndan gowragyny, ýagny 53,1%-ini tutýar. Ekranynyň diagonaly 75 dýuým we ondan uly bolan telewizor segmentinde Samsung Electronics hem 29,1% paý bilen öňdebaryjylygyny saklady. LG Electronics iberiş mukdary (49,7%) we girdejisi (45,4%) boýunça premium OLED teleýaýlym bazarynda 13 ýyl bäri öňdebaryjy ornuny saklaýar. Samsung Electronics-iň OLED segmentindäki girdeji paýy 34,9%-e ýetdi. Demirgazyk Amerikanyň bazarynda Samsung 42,4% girdeji paýy bilen birinji ýeri eýeledi. Mundan başga-da, hytaý kompaniýalary TCL, Hisense we Xiaomi tarapyndan öndürilen telewizorlaryň umumy paýy Samsung-yň we LG-iň umumy paýyndan ýokary boldy – 31,8%-e garşy 28,5%. Şeýle hem, barlagçylar LG Electronics-iň girdejisi boýunça ikinji orunda durýandygyny, iberilen önümleriň paýy (10,6%) boýunça TCL-den (14,3%) we Hisense-den (12,4%) yzda bolup, dördünji orunda durýandygyny bellediler.