Hytaýyň BYD awtoulag konserni programma üpjünçiligini täzelemek üçin Hytaýda 90 000 töweregi gibrid ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Bu kompaniýanyň soňky iki aýyň dowamyndaky ikinji gezek yzyna çagyryşydyr. Ýerli düzgünleşdirijiniň geçiren barlagy batareýanyň işlemegine jogapkär programma üpjünçiliginde näsazlygyň bardygyny ýüze çykardy. Şu sebäpli batareýanyň kuwwaty çäkli bolupdyr. Käbir ýagdaýlarda bu diňe batareýany işletmäge geçmegi mümkin etmedi, bu bolsa ulag dolandyrylýan wagtynda onuň kuwwatynyň ýitmegine we ýolda howply ýagdaýyň döremegine sebäp bolup biler. Yza çagyryş 2021-nji ýylyň ýanwaryndan 2023-nji ýylyň sentýabryna çenli öndürilen 88,98 müň "Qin Plus DM-i" sedanlaryna degişli boldy. Ondan öň, oktýabr aýynda BYD 115 000 sany elektrik ulagyny yzyna çagyrdy. Yza çagyryş seýrek ýagdaýlarda ýangyna sebäp bolup biljek dizaýn kemçilikleri, şeýle hem öndürijiligini peseldip biljek batareýa kemçilikleri bilen baglanyşyklydy. Şol yza çagyryş kompaniýanyň taryhynda iň ulusy boldy.