Formula 1-iň Mercedes topary Amerikanyň transmilli korporasiýasy bolan PepsiCo bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. Hyzmatdaşlyk korporasiýanyň üç brendi: Gatorade, Sting we Doritos bilen amala aşyrylar. Mercedes-AMG F1 Team-iň müdiri Toto Wolff toparyň metbugat beýanatynda şertnama barada teswir berdi: "Hyzmatdaşlyk ulgamymyza PepsiCo ýaly güýçli abraýly kompaniýany goşmak — bu toparymyzyň we sportumyzyň güýjüniň ýene bir alamaty. Olar brend hökmünde biziň maksadymyza — innowasiýa we tejribe arkaly iň ýokary netijäni gazanmak maksadymyza doly laýyk gelýär. Gatorade-iň sport ylymlary ugrundaky tejribesi, Sting energetik içgisiniň energiýasy we Doritos-yň medeni ähmiýeti üýtgeşik bir zat döredýär. Olar bilelikde diňe bir toparymyzyň üstünlik gazanmagyna ýardam etmän, eýsem dünýäniň janköýerlerine ajaýyp täsirleri bagyşlaýar" diýip, Mercedes-iň ýaryş bölüminiň başlygy Toto Wolff şertnama teswir berdi.