Nýu-Ýorkda geçirilen 35-nji Gotham Awards dabarasynda baýragyň laureatlary yglan edildi diýip, Variety habar berýär. Şu ýyl kino baýragynyň esasy eýesi eýranly režissýor Jafar Panahiniň «Ýönekeý bir tötänlik» dramasy boldy. Ol üç baýrak aldy. Film režissýorlygy, özboluşly ssenarisi üçin hem-de «iň gowy halkara film» kategoriýasynda baýraga mynasyp boldy. Ozal bu film 2025-nji ýylyň Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasyny» alypdy. Ýylyň filmi ady Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» filmine berildi. Gotham hormat baýraklaryny «Frankenşteýn», «Günäliler» we beýleki taslamalar aldy. Laureatlaryň doly sanawy: Iň gowy film: «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) Iň gowy režissýorlyk: Jafar Panahi – «Ýönekeý bir tötänlik» (Простая случайность) Iň gowy baş keşp: Sope Dirisu – «Kakamyň kölegesi» (Тень моего отца) Iň gowy ikinji derejeli keşp: Wunmi Mosaku – «Günäliler» (Грешники) Iň gowy özboluşly ssenariý: Jafar Panahi – «Ýönekeý bir tötänlik» Iň gowy adaptirlenen ssenariý: Garri Laýton – «Eýer» (Седло) Iň gowy halkara film: «Ýönekeý bir tötänlik» Ýylyň aktýorlyk öňegidişligi: Abu Sangare – «Süleýmanyň hekaýaty» (История Сулеймана) Ýylyň režissýorlyk öňegidişligi: Akinola Dewis kiçi – “Kakamyň kölegesi» Iň gowy dokumental film: «Islenmedik dostlarym: Bölüm 1» (Мои нежелательные друзья: Часть 1)