Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutanynyň kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde mälim etdi diýip, TASS habar berýär. “12-nji dekabrda Prezidentimiziň Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu forum, umuman bu waka, bu sapar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar” – diýip, Kremliň wekili aýtdy. Şeýle hem, ol Prezident Wladimir Putiniň 21-22-nji dekabrda Sankt-Peterburgda boljakdygyny we şol ýerde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň geçiriljekdigini belledi.