Welotrek boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Abu-Dabide geçiriljek Welosport hepdeliginiň çäklerinde «Gran Fondo» weloýaryşyna gatnaşar. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Al-Haý Al Hammadi «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda belleýär. «Şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary bassyr üçünji ýyl geçiriljek Abu-Dabidäki Welosport hepdeliginiň çäginde «Gran Fondo» ýaryşyna gatnaşar» diýip, Ahmet Al-Haý Al Hammadi ýazýar. Ilçi şu ýylyň awgust aýynda BAE-niň ilçihanasynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Abu-Dabiniň welosiped klubunyň ýaş türgenleri üçin üçünji gezek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny gurnandygyny ýatlatdy. Onuň aýtmagyna görä, toparyň agzalary türkmen hyzmatdaşlaryndan hemmetaraplaýyn goldaw aldylar. Şeýle-de diplomat şu ýylyň oktýabr aýynda ilçihananyň Aşgabatda üçünji gezek fitnes boýunça sport çäresini geçirendigini we oňa 120 türgeniň gatnaşandygyny nygtady. Ol iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp geçirilipdi.