Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutany şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, Şri-Lankadaky suw joşgunlary sebäpli azyndan 410 adam pida boldy, ýene-de 336 adam dereksiz ýiten hasaplanýar diýip, "Le Monde" neşiri habar berýär. Ýurduň ähli 25 etrabynda takmynan 1,5 million adam ejir çekdi. 215 müňden gowrak raýat 1500 sany döwlet howpsuzlyk merkezlerinde ýerleşdirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsanperwerlik işlerini Utgaşdyryş Müdirliginiň (OGCHA) maglumat býulleteninde: "Deslapky çaklamalara görä, 15 müňden gowrak jaý ýykyldy, şeýle hem demirýol ulgamlaryny we elektrik ulgamlaryny goşmak bilen infrastruktura işleri uly zyýan çekdi" diýilýär. Musson möwsümindäki güýçli ýagyşlar we tropiki harasatyň gelmegi uly suw joşmalaryna getirdi. Şeýle-de, birnäçe günden bäri bu tebigy betbagtçylykdan Tailand, Wýetnam, Filippinler we Malaýziýa hem ejir çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir