Kino hakyndaky abraýly fransuz neşiri bolan “Cahiers du Cinéma” 2025-nji ýylyň iň gowy 10 filminiň sanawyny çap etdi. Žurnalistler birinji orny “Lýudowik XIV-niň ölümi” we “Adalardaky jebirler” atly filmleriň döredijisi bolan ispaniýaly režissýor Albert Serranyň “Ýalňyzlyk günleri” (“Дни одиночества”) atly dokumental filmine berdiler. Filmde matador Andres Roka Reýiň we onuň toparynyň birnäçe öküz söweşlerinde başdan geçirenleri beýan edilýär. Sanawda fransuz režissýorlarynyň filmleri agdyklyk edýär: Sofi Leturneriň “Başdangeçirme”, Pýer Kreton bilen Wensan Barreniň “Mark Braun bilen 7 gezelenç” hem-de Kristian Petsoldyň “Şekiller № 3” («Отражения № 3»). Bu reýtinge amerikaly režissýorlaryň iki filmi hem girdi: Pol Tomas Andersonyň “Bir söweşden soň beýleki” (“Битва за битвой”) filmi ikinji orny, Riçard Linkleýteriň “Täze tolkun” (“Новая волна”) filmi bolsa sekizinji orny eýeledi. “Cahiers du Cinéma” neşiriniň saýlan iň gowy 10 filminiň doly sanawy: “Ýalňyzlyk günleri”, Albert Serra; “Bir söweşden soň beýleki”, Pol Tomas Anderson; “Hawa!”, Nadaw Lapid; “Gizlin agent”, Kleber Mendonsa Filýu; “Men diňe tupanda dynç alýaryn”, Pedru Pinýu; “Başdangeçirme”, Sofi Leturner; “Mark Braun bilen 7 gezelenç”, Pýer Kreton we Wensan Barre; “Täze tolkun”, Riçard Linkleýter; “Sergezdan Loran”, Anton Balekjýan, Leo Kutýur, Matteo Ýustaşon; “Şekiller № 3”, Kristian Petsold.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir