Meşhur flamandly suratkeş Piter Paul Rubensiň dört asyr töweregi wagt bäri ýitirilen hasaplanýan kartinasy auksionda 2,94 million ýewro satyldy diýip, “Parisien” gazeti habar berýär. “Ýekşenbe güni Piter Paul Rubensiň “Haçdaky Isa” kartinasy Wersaldaky Osenat öýünde geçen auksionda komissiýa tölegi bilen birlikde 2 940 798 ýewro satyldy” – diýip, neşir habar berýär. Auksiondan öň lot 1-2 million ýewro diýlip bahalandyrylýardy, başlangyç bahasy 500 müň ýewro boldy. Ozal sentýabr aýynda “Frans Press” agentligi 1613-nji ýyldan bäri ýitirilen hasaplanyp gelnen kartinany Osenat auksion öýüniň baha berijisi we başlygy Žan-Pýer Osenaň Pariždäki köne jaýyň ýatylýan otagyndan tapandygyny habar berdi. Osena miras geçirilmezden ozal inwentar ýazuwy geçirilende tötänden 105,5 x 72 sm ölçegli kendiriň üstünden barýar. Bir ýyl barlaglardan soň eseriň hakykylygy tassyklandy. 1613-nji ýylda çekilen kartinanyň Fransiýa nädip düşendigi entek belli däl. Piter Paul Rubens (1577–1640) niderlandly (flamand) suratkeş we barokko stilindäki nakgaşlygyň esaslandyryjylarynyň biri. Onuň döredijilik mirasynyň takmynan 3000 suratdan ybaratdygy çaklanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir