1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi, öz nobatynda, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda diplomat milli parlamentiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwani ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýän türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.