1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik dolandyryş edarasyna bardy. Döwlet Baştutany bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery FZE» kompaniýasyndan täze satyn alnan tirkeg çekiji we ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň, ekskawatorlaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutany Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde maldarçylyk pudagynyň täze desgasynyň işe girizilmeginiň, şeýle hem suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrjak täze tehnikalaryň satyn alynmagynyň aýratyn mana eýedigini belledi. Wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri oba hojalyk pudagyny ösdürmäge döredýän şertleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin yhlasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.