Belgiýaly ýeňil atletikaçy Tim Wan de Welde Tokioda geçirilen dünýä çempionaty-2025-de görkezen asylly hereketi üçin Feýr Pleý halkara baýragyna mynasyp boldy. Päsgelçilikli 3000 metr aralyga ylgawda onuň garşydaşy, kolumbiýaly Karlos San Martin pellehana golaýda nobatdaky päsgelçilikden geçende agyr şikes aldy. Tim Wan de Welde muny görüp, yzyna dolandy we garşydaşyna aýak üstüne galmaga kömek etdi. Soň olar iki bolup pellehana ýetdi. Ýeňil atletikaçy şeýle hereketi üçin diskwalifikasiýa edilip biljekdigini bilýärdi, ýöne adalatly oýun düzgünlerine laýyk hereket etmegi makul bildi. “Bu pursat barada näçe köp ýatladygymça, şonça-da başgaça hereket edip bilmejekdigime has gowy düşünýärin. Iki ýyl mundan ozal rekordlar barada pikir edýärdim. Indi adamkärçilik barada pikirlenmegiň wagty geldi. Ýöne, dogrusy, men bu hereketim şeýle ünsi çeker diýip pikir etmändim. Meniň üçin bu tebigy bir zatdy” – diýip, Tim Wan de Welde aýtdy. “Biz buýsanç bilen bu baýragy Tim Wan de Weldä berýäris. Onuň hoşniýetli hereketi ähli garaşylanlardan ýokary boldy. Ol rehimdarlygyň netijelerden has ýokarydygy barada güýçli we täsirli ýatlatma öwrüldi” – diýip, Halkara feýr pleý komitetiniň prezidenti Sunil Sabharwal belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 43 minutes ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir