“Tagtlaryň oýny” serialynyň asyl wakasy dowam etdiriler. Muny Reýkýawikde geçirilen Iceland Noir edebiýat festiwalynda ýazyjy Jorj R.R.Martin tassyklady. HBO teleýaýlymy häzir meşhur serialyň dowamyny döretmegiň üstünde işleýär. Ozal franşizanyň diňe prikwelleri çykarylypdy. Meşhur seriýanyň awtory häzirki wagtda “bäş ýa-da alty” spin-off taslamasynyň işlenip taýýarlanýandygyny aýtdy. “Olaryň köpüsi – prikwel, ýöne sikwel hem bar” – diýip, ýazyjy belledi. HBO sekizinji möwsümiň finalyndan soň ykballary näbelli bolup galan gahrymanlara gaýdyp gelmek isleýär. Muşdaklary, aýratynam, Arýa Stark we Jon Snou baradaky taslamalar has gyzyklandyrýar. Arýany oýnan aktrisa Meýsi Uilýams ozal ssenariý şowly bolan ýagdaýynda öz roluna dolanjakdygyny aýdypdy. 2026-njy ýylda “Ýedi şalygyň rysary” ady bilen köp bölümli spin-offuň, şeýle-de “Aždarhanyň öýüniň” üçünji möwsüminiň çykmagyna garaşylýar. Jorj R.R.Martin haýsy gahrymanlaryň sikwellerde peýda boljakdygyny we taslamalaryň ekrana haçan çykjakdygyny aýtmady.