Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň «Syýahatçylyk hyzmatlary» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Altyntäç Janmämmedowa «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginiň orta hünär okuw mekdepler – kollejler tapgyrynda onlaýn gatnaşyp uly üstünlik gazandy. Bäsleşik 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Gazagystanyň Astana şäherinde «Жаңа Қазақстан» "innowasion merkeziniň – «Bilim-orkenieti» atly milli innowasion ylmy-gözleg merkezi bilen bilelikde geçirilip, türki döwletleriň ýaşlar syýasatyny ösdürmekde goşan goşandy üçin sylaglaýar. Guramaçylar talyby – Kubok, döşe dakylýan nyşan, şahadatnama we I derejeli Diplom bilen sylagladylar. A.Janmämmedowa ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça birnäçe taslamalary işläp taýýarlaýar we olary üstünlikli ornaşdyrmakda oňyn netije gazanýar. Talybyň bu üstünligi ýokary derejeli jogapkärçiligi, yhlaslylygy, hünär taýdan ösüşi hem-de şahsy ygrarlylygy ykrar edýär diýlip, syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.