ABŞ-nyň Birinji hanymy Melaniýa Tramp Muse Films hususy kompaniýasyny esaslandyrdy diýip, People neşiri habar berýär. Kompaniýanyň ilkinji taslamasy “Melaniýa” atly dokumental film bolar. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryna meýilleşdirilýär we prokat global derejede bolar. Filmi ýaýratmak hukugyny Amazon MGM Studios satyn aldy. Metbugatda şertnamanyň bahasynyň 40 mln dollar bolandygy habar berilýär. Bellenilişi ýaly, ylalaşyk Donald Trampyň Prezident wezipesinde ikinji möhleti başlamazdan öň gazanyldy. Muse Films kinokompaniýasynyň Golliwuddaky geljekki meýilnamalary entek belli däl.