ABŞ-nyň ýaşaýjylary “gara anna gününde” – 28-nji noýabrda onlaýn söwdalar üçin rekord 11,8 mlrd dollar sarp etdi. Bu geçen ýylkydan 9,1% köpdür. Bu barada internet dükanlarynyň maglumatlaryny yzarlaýan Adobe Analytics-e salgylanyp, Reuters habar berýär. Salesforce kompaniýasy iň köp isleg bildirilen haryt kategoriýalarynyň egin-eşik we aksessuar bolandygyny belleýär. Maglumatlara görä, “garra anna güni” hepdesiniň dowamynda dükanlara baran adamlaryň sany öňki hepde bilen deňeşdirilende tas 57% ýokarlandy. Adobe-yň çaklamalary boýunça, duşenbe güni elektron söwdada ABŞ-da alyjylar ýene, takmynan, 14,2 mlrd dollar sarp eder we bu hem nobatdaky rekord bolar. Milli bölek söwda federasiýasynyň hasaplamasy boýunça, noýabrdan dekabr aralygyndaky baýramçylyk möwsüminde amerikaly alyjylar ilkinji gezek 1 trln dollardan gowrak sarp eder. Ýöne çykdajylaryň ösüş depgini haýallaýar: ol ýyllyk hasabynda 3,7%-den 4,2%-e çenli bolar, 2024-nji ýylyň baýramçylyk möwsüminde ol 4,3% bolupdy. Bellemeli ýeri, şu ýyl arzanladyşlaryň başlanmagy ABŞ tarapyndan köp import harytlaryna gümrük paçlarynyň girizilmegi sebäpli ýüze çykan ykdysady kesgitsizlik döwri bilen gabat geldi. Reuters agentliginiň belleýşi ýaly, bu hem dükanlar, hem sarp edijiler üçin çykdajylaryň ýokarlanmagyna getirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir