25-nji noýabrda Türkmenistanуň Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) ýanyndaky wekili, ilçi M.Çaryýew Pariž şäherinde BIE-niň Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Assambleýanyň mejlisinde resmi gün tertibine girizilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy. Hususan-da: Administratiw–býujet komitetiniň, ýerine ýetiriji komitetiň, düzgün–komitetiniň, maglumat we aragatnaşyk komitetiniň hasabatlary, şeýle hem 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen Bütindünýä sergisiniň we 2025-nji ýylda Milan şäherinde geçirilen Triennaleniň jemleýji hasabatlary diňlenildi. Mundan başga-da, 2027-nji ýylda Belgrad we Ýokohama şäherlerinde geçiriljek ýöriteleşdirilen sergilere taýýarlyk boýunça hasabatlar hödürlendi. Saýlawlaryň dowamynda Türkmenistan BIE-niň Administratiw–býujet komitetiniň agzalygyna 2026–2027-nji ýyllar boýunça iki ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Sessiýanyň çäginde Türkmenistanyň ilçisiniň BIE-niň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen iş duşuşygy geçirildi. Baş sekretar Türkmenistany Administratiw–býujet komitetine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlap, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň BIE bilen hyzmatdaşlyga berýän ünsüne minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Türkmenistanyň guramanyň işindäki işjeň gatnaşygyny aýratyn belledi. Türkmenistan geljekde hem BIE bilen ykdysady, medeni, innowasion hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, halkara sergi hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmaga çalşar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir