Riwersaýddaky Kaliforniýa uniwersitetiniň bioinženerleri beýni dokumasyna meňzeş doly emeli dokumanyň döredilendigini habar berdi. Alymlara ilkinji gezek şeýle materialy hakyky biologik maddalary ulanmazdan döretmek başartdy. Olar ony BIPORES diýip atlandyrdy diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Bu dokuma polietilenglikol diýlip atlandyrylýan himiki polimerden taýýarlandy. Ol teflona meňzeş: öýjükler, adatça, onda saklanmaýar, şonuň üçin olary beloklaryň kömegi bilen “ýelimlemeli” bolýar. Ýöne bu gezek belok gerek bolmady, çünki materialyň aýratyn gurluşy: ýumşak gel bölejikleri we eýerpisint içki ýüzi bolan deşik-deşik karkasyň netijesinde onda öýjükleriň özi saklandy. Karkas goşmaça kremniý bölejikleri bilen berkidildi. Alymlar mikrosuwuklyklaryň we bioprinteriň kömegi bilen biri-biri bilen baglanyşykly deşikler bilen üç ölçegli karkasy döretdi. Bu deşikler iýmitlik maddalarynyň öýjüklere ýetmegi, galyndylaryň bolsa çykmagy üçin gerek. Nerw sütün öýjükleri bilen geçirilen tejribeler olaryň beýni dokumasyndaky ýaly gowy berkidilýändigini, ösýändigini we funksional baglanyşyklary emele getirýändigini görkezdi. Awtorlaryň aýtmagyna görä, şeýle durnukly emeli dokuma beýni öýjüklerini uzak wagtlap öwrenmäge mümkinçilik berýär. Häzir karkasyň ölçegi 2 mm töweregi, ýöne alymlar ony ulaltmagy meýilleşdirýär. Munuň bilen bir hatarda bu tehnologiýa bagyr dokumasyny döretmek üçin ulanylýar. Geljekde alymlar hakyky organlar ýaly signal alşyp biljek “mini-organlar” ulgamyny döretmek isleýär. Bu dermanlary barlamaga we bir organdaky keseliň beýlekilere nähili täsir edýändigini öwrenmäge, şeýle-de nerw dokumasyny dikeltmegiň usullaryny işläp taýýarlamaga kömek eder.