Nýu-Ýorkda “Emmi” halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Adaty “Emmiden” tapawutlylykda bu baýrak ABŞ-dan daşary döredilen teletaslamalara we seriallara berilýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Şu ýyl esasy baýrak eýeleri Beýik Britaniýanyň taslamalary boldy – olar ýedi baýraga, şol sanda iň gowy drama we iň gowy komediýa serialy, iň gowy aktrisa we iň gowy telefilm/mini-serial üçin baýraklara mynasyp boldy. Ispaniýa iki, Ýaponiýa, Germaniýa, Awstraliýa, Katar, Kanada, Daniýa we Türkiýe bolsa bir baýrak aldy. “Emmi-2025” halkara baýragynyň ýeňijileriniň sanawy: ·Drama serialy – “Bäsdeşler” (Соперники / Beýik Britaniýa) ·Komediýa serialy – “Lýudwig” (Beýik Britaniýa) ·Iň gowy erkek keşbi – Oriol Pla, “Men neşekeş” (Я, наркоман / Ispaniýa) ·Iň gowy zenan keşbi – Anna Makswell Martin, “Seni öldürýänçäm” (Пока я не убью тебя / Beýik Britaniýa) ·Telefilm/mini-serial – “Ýiten oglanlar we periler” (Пропавшие мальчики и феи / Beýik Britaniýa) ·Telenowella – “Zehin” (Гений / Türkiýe) ·Dokumental film – “Dowzaha özüni oklan” (Адский прыгун / Beýik Britaniýa) ·Sport dokumental film – “Hemme zat gutardy: Ispan futbolyny üýtgeden posa” (Все кончено: Поцелуй, изменивший испанский футбол / Ispaniýa) ·Möhüm reportaž – “Dispetçerler: Ölüm zolagy: Gazanyň içinde” (Диспетчеры: Зона убийства: Внутри Газы / Beýik Britaniýa) ·Habarlar – “Gaza ýaşaýşyň gözleginde (Газа в поисках жизни / Katar) ·Sungat barada programma – “Rýuiti Sakamoto: Soňky günler” (Ýaponiýa) ·Animasiýa – “Blui” (Awstraliýa) ·Öwrediji we güýmenje programmasy – “Frisiniň yzlary bilen – GDR-de ýaşaýyş nähilidi?” (Germaniýa) ·Oýun filmi/serial – “Lagnaty” (Beýik Britaniýa)

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir