Spotify akym hyzmaty täze funksiýany hödürledi – indi ulanyjylar öz pleýlistlerini Apple Music, YouTube Music, Deezer, Soundcloud, Amazon Music, Last.fm ýaly platformalardan import edip bilýär. Munuň üçin TuneMyMusic saýty ulanylýar. Spotify mobil goşundysynda “Meniň mediatekam” bölümine girip, sahypanyň soňuna çenli aşak geçirmeli we “Aýdymy import etmek” düwmesine basmaly. Mundan başga-da, Spotify şahsylaşdyrylan aýdym-saz tekliplerini almaga kömek edýän ChatGPT-ni goşdy. Funksiýadan peýdalanmak üçin ChatGPT bilen çatda Spotify-y agzamak ýeterlik. Jogap hökmünde çat-bot Spotify profiliňizi birikdirmegi teklip eder, şondan soň aýdym-saz we podkast maslahat berip biler. Indiki ýyldan Spotify we Netflix hem wideopodkast boýunça hyzmatdaşlyk edip başlar. Netflix-de Spotify-dan saýlanan wideopodkast ýygyndysy bilen ýörite bölüm peýda bolar, bu hem audio we wideo kontentleri bir platformada birleşdirmäge mümkinçilik berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 minutes ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir