23-nji noýabrda Türkmenistanyň ilçisi M.Aýazow Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdulaziz adyndaky Arap atlary Merkeziniň Baş direktory Abdulaziz Almukbil bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda A.Almukbil Merkeziniň alyp barýan işi we bu Merkez tarapyndan geçirilýän çäreler barada giňişleýin gürrüň berildi. Ilçi M.Aýazow duşuşygyň barşynda ýurdumyzda atçylyk ulgamyny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we türkmen atlarynyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende götermek boýunça öňde durýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek baradaky meselelere uly üns berilýändigi barada mälim etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen diplomaty bu merkez bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky meseleleriň ýollary barada pikir alyşdy. Ilçi M.Aýazow Merkeziň muzeýi, arap atlaryny hasaba alyş bölüminiň işi, şeýle-de bejeriş-anyklaýyş bölüminiň işi bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 minutes ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir