«Zalym: Baky» (Wicked: For Good) mýuzikli ilkinji dynç günlerinde 226 million dollar ýygnap, dünýäniň boks-ofisinde öňdebaryjy boldy. Variety-niň maglumatlaryna görä, film ABŞ-da 150 million dollar gazandy, bu «Minecraft kinoda» filminden soň şu ýylyň ikinji netijesidir ($162 million dollar). Daşary ýurt bazarlarynda film ýene 76 million dollar ýygnady. Film Elfaba (Sintiýa Eriwo) bilen Glindanyň (Ariana Grande) taryhyny dowam etdirýär. Sikweliň Rotten Tomatoes-y 70% oňyn seslenme aldy. Fentezi mýuzikliniň 2024-nji ýylda çykan birinji bölümi 164,2 million dollardan başlapdy. Boks-ofisde ikinji ýeri häzirki wagtda amerikan prokatynda 37 million dollardan gowrak we dünýäde 146 million dollar jemlemegi başaran «Aldaw illýuziýasy 3» («Иллюзия обмана 3») eýeleýär. Filmiň býujeti 90 mln dollar. Eýýäm indiki bölüminiň üstündäki deslapky işler alnyp barylýar. «Ýyrtyjy: Ajal planetasy» («Хищник: Планета смерти») ABŞ-da 76 million dollar toplady, dünýäde bolsa 140 million dollardan gowrak jemledi. Filmiň 105 million dollarlyk önümçilik býujetini ýapjagy-ýapmajagy entek belli däl. Edgar Raýtyň «Ylgaýan adam» («Бегущий человек») filmi gowşak netijeleri görkezdi: boýewik ABŞ-da iki dynç gününde 27 million dollar ýygnady; dünýädäki ýygymlary entek 50 million dollara hem ýetmedi. 110 million dollarlyk býujeti bilen taslama maliýe taýdan şowsuz hasaplanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 minutes ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir