Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretary wezipesine täze dalaşgärleri hödürlemek prosesi Howpsuzlyk Geňeşi bilen Baş Assambleýanyň bilelikdäki beýanatyndan soň başlady. Saýlaw işleriniň başlanandygy baradaky resminama Sýerra-Leoneniň BMG-däki hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradyldy, çünki Sýerra-Leone noýabrda Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetirýär. Bilelikdäki hatda guramanyň taryhynda oňa hiç haçan zenan maşgalanyň ýolbaşçylyk etmändigi bellenilýär, şol sebäpli agza ýurtlara zenanlaryň dalaşgär hökmünde hödürlenmegini çynlakaý göz öňünde tutmak maslahat berilýär. Şeýle-de, resminamada Baş sekretar saýlananda sebit dürlüliginiň möhümdigi bellenilýär. Dalaşgärler agza döwletler tarapyndan hödürlenýär we her ýurt diňe bir dalaşgär teklip edip bilýär. Dalaşgär hödürlemek üçin Howpsuzlyk Geňeşiniň we Baş Assambleýanyň başlyklaryna hat ibermeli. Dalaşgär BMG-niň ösüşi baradaky garaýşyny beýan edip, öz girdeji çeşmelerini görkezmeli. Eger dalaşgär BMG-niň edarasynda işleýän bolsa, oňa bähbit dawalarynyň öňüni almak üçin saýlaw kampaniýasy döwründe öz işini togtatmak teklip edilýär. Täze Baş sekretary gönüden-göni saýlamak işi indiki ýylyň iýulynyň ahyrynda başlar. BMG-niň häzirki Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ygtyýarlyk möhleti 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýar. Baş sekretar wezipesi Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan saýlanýar we Baş Assambleýa tarapyndan gaýtadan saýlanmak hukugy bilen bäş ýyl möhlete tassyklanýar. Baş sekretar Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agza ýurtlarynyň arasyndan saýlanmaýar. Möhlet boýunça çäklendirme ýok, ýöne häzire çenli ýekeje ýolbaşçy hem gurama 10 ýyldan gowrak wagt ýolbaşçylyk etmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir