24-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada TDH habar berýär. Maslahat dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriler. Türkmen halkynyň Milli Lideri halkara maslahatyň geçiriljek binasyna baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy, toplumyň otaglarynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak halkara çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň özi hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny belleýän Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny üpjün eder. Şu maksat bilen, ähli meýilleşdirilen çäreleriň anyk maksatnamalarynyň taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejedäki meýilnamasynyň düzülmelidigini aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Hökümet agzalarynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda Milli Liderimiziň günbatar sebite iş saparynyň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň barşynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, paýtagtymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine aýratyn üns çekildi. Şunda Awazada zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna we olaryň ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine goşýan goşandyna bagyşlanan halkara maslahatyň, onuň çäklerinde guraljak serginiň guramaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Olarda zenanlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň dünýä medeniýetine goşan goşantlary, halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklary öz beýanyny tapmalydyr. Şeýle-de haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada dörediljek şahamçasynyň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Munuň özi gaznanyň ynsanperwer işiniň geriminiň has-da giňemegini şertlendirer. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz gaznanyň işini kämilleşdirmek barada öz maslahatlaryny berdi.