Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary Astananyň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Gazagystanyň paýtagtynda türkmen şahyrynyň heýkeli 2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda açyldy. Ýadygärligiň umumy beýikligi 8,5 metre golaýdyr. Heýkeltaraş Magtymguly Pyragynyň döredijilik bilen meşgullanýan pursadyny şekillendiripdir. Belläp geçsek, geçen ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabatda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda meşhur gazak sazandasy, kompozitor Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeli hem oturdyldy. Şol ýylyň oktýabrynda bolsa Gazagystanyň döwlet Baştutanynyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Aşgabadyň «Laçyn» seýilgähinde beýik gazak şahyry, görnükli medeniýet we sungat işgäri Abaý Kunanbaýewiň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir