Krafton kompaniýasy PlayerUnknown’s seriýasynyň täze PUBG: Black Budget oýnuny hödürledi. Patyşalyk söweşi bolan hakyky PUBG: Battlegrounds oýnundan tapawutlylykda täze taslama ekstrakşn-şuter žanrynda döredildi. Black Budget-iň wakalary wagtyň gaýtalanýan syrly adasynda bolup geçýär. Oýunçylar artefaktlary gözläp, şol bir wagtyň özünde adada ýaşaýan beýleki oýunçylar we nägehanlar bilen söweşmeli bolar. Oýnuň kartasynyň ölçegi 2,5 x 2,5 kilometr bolup, bir reýd, takmynan, 30 minut dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde, işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, oýnuň içinde patyşalyk söweşiniň elementleri saklandy: ýörite Anomaliýa kem-kemden oýun zolagyny kiçeldip, oýunçylary biri-birine has ýakyn söweşmäge mejbur eder. Oýnuň çykjak senesi entek yglan edilmedi. Ýapyk beta-synag 12-14 we 19-21-nji dekabra meýilleşdirilýär. Oýun eýýäm Steam-de peýda boldy. Ulgam talaplarynyň arasynda GeForce RTX 2060 we 16 GB operatiw ýat bar.