Dogry 40 ýyl mundan ozal Microsoft korporasiýasy wagtyň geçmegi bilen dünýäde iň meşhur operasion ulgamlaryň biri bolan Windows-yň ilkinji wersiýasyny çykardy. Häzirki günde Windows 11 ýörgünli, ýöne köp adamlar häzirem öňki wersiýalary ulanmagyny dowam etdirýär. Şu ýerde haýsy wersiýalaryň meşhur bolandygyny we haýsysynyň iň howpsuz hasaplanýandygyny gürrüň berýäris. Windows-yň ilkinji wersiýalary Windows 1.0 1985-nji ýylyň 20-nji noýabrynda çykdy. Ol kän bir ünsi çekmedi, çünki bazarda MS-DOS agdyklyk edýärdi. Şol döwürde kiberhowpsuzlyk barada hiç kim pikir etmänsoň, ulgam goragy o diýen möhüm däldi. Ilkibaşda Windows MS-DOS üçin grafiki örtükdi: syçanjygy dolandyrmagy, menýuny, dialog penjirelerini we bir wagtda birnäçe programma bilen işlemegi goldaýardy. Işlemek üçin 256 KB ýat, iki disk okaýjysy we grafiki wideokart gerekdi. Windows 2.0 we 2.03 kämilleşdi, ýöne barybir meşhur bolmady. Öňegidişlik kämilleşdirilen interfeýse, 16 reňk goldawyna we wirtual ýada eýe bolan Windows 3.0 (1990-njy ýyl) boldy. Microsoft iki ýylda 10 milliondan gowrak nusga satdy. Esasy wersiýalar Windows 95-de ilkinji gezek “Başlat” düwmesi, Plug and Play goldawy we 32 bitlik arhitektura peýda boldy. Onuň interfeýsi we funksiýalary 2012-nji ýyla çenli standart boldy. Windows XP (2001) täze ulanyjylar üçin has amatly bolup, uzak wagtlap iň meşhur ulgam bolup galdy. Şondan soň Microsoft-yň birnäçe üstünlikli we şowsuz wersiýalary çykdy. Soňkusyna, mysal üçin, Windows Millenium (2000-nji ýyl), Vista (2007), Windows 8 (2012) degişli. Windows 7 (2009) Vista-nyň kemçiliklerini düzetdi we ýumuşlar paneli, internet funksiýalary we Aero Peek wizual effektleri üçin oňyn synlary aldy. 2015-nji ýylda korporasiýa tarapyndan “taryhda iň doly platforma” hökmünde görkezilen Windows 10 peýda boldy. 2018-nji ýylda ol enjamlarda ulanmagyň sany boýunça Windows 7-den öňe geçdi. Windows 11 2021-nji ýylda çykdy we täze OS däl-de, interfeýsiň täzelenmesi ýaly boldy. Şonuň üçin ulanyjylar oňa geçmäge howlukmady, üstesine-de, ony talaplara laýyk gelmeýän kompýuterlere gurnap bolmaýar. Häzirki günde Windows 11 wersiýasy Windows 10-dan has meşhur. StatCounter-iň maglumatlary boýunça, oktýabra çenli ýagdaýa görä, täze wersiýa global PK bazarynda 55,17% paý eýeledi. Ol soňlugy bilen ýene artar, çünki Microsoft 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan Windows 10-uň goldawyny bes etdi. Howpsuzlyk Kiberhowpsuzlyk hünärmenleri Windows 11-iň, aýratynam, 25H2 wersiýasynyň ýokary gorag derejesine eýedigini belleýär. Dogry sazlanan ýagdaýynda Windows 11 99,9%-e çenli howpy blokirleýär. Windows 10 hem goraglydy, ýöne goldaw tamamlanandan soň, ony ulanmagy dowam etdirmek töwekgelçiliklidir. Umuman, adaty ulanyjylar üçin Windows 10 bilen Windows 11-iň soňky wersiýalarynyň arasynda tapawut örän az. Ornuny tutup biljek ulgamlar Elbetde, Windows-yň ornuny tutup biljek ulgamlar hem bar. Hünärmenler goragly howpsuz ulgam hökmünde macOS-y, şeýle-de Linux-y – Ubuntu 24.04 LTS ýa-da Linux Mint 22-ni ulanmagy maslahat berýär. Olar has howpsuz bolup, yzygiderli täzelenme alýar. Şeýle-de bolsa, Windows 11 köp ulanyjylar üçin öwrenişilen ulgam bolup galýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir