Sýurihde 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin yklymara pleý-off oýunlarynyň bije çekilişi geçirildi. Bu oýunlaryň netijesinde ýaryşyň ýene iki gatnaşyjysy belli bolar. Bije çekilişigiň netijesi: Ýol 1 ·Ýarym final: Täze Kaledoniýa – Ýamaýka ·Final: ýarym finalyň ýeňijisi – Kongo DR Ýol 2 ·Ýarym final: Boliwiýa – Surinam ·Final: ýarym finalyň ýeňijisi – Yrak Ähli oýunlar 2026-njy ýylyň martynda Meksikada, dünýä çempionatynyň final tapgyrynyň oýunlaryny hem kabul etjek Gwadalahara we Monterreý şäherlerinde geçiriler. Surinam we Täze Kaledoniýa dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşmak üçin göreşer. Galan dört ýygyndy dünýä çempionatyna bir gezek çykypdy: Kongo DR – 1974-nji ýylda, Yrak – 1986-njy ýylda, Boliwiýa – 1994-nji ýylda, Ýamaýka – 1998-nji ýylda. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryşa 12 toparça bölnen 48 ýygyndy gatnaşar. Toparçalarda birinji we ikinji orunlary eýelän, şeýle-de üçünji orny eýelän iň gowy sekiz topar pleý-off tapgyryna çykar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir