Amerikaly milliarder Ilon Maskyň pikiriçe, geljek bäş ýylda emeli aň bilen baglanyşykly hasaplaýyş güýçlerini ösdürmegiň iň amatly ýoly olary kosmosa göçürmek bolar. Bu barada ol Waşingtonda ABŞ bilen Saud Arabystanynyň ykdysady hyzmatdaşlygyna bagyşlanan forumda aýtdy. “Meniň pikirimçe, kosmosda EA-nyň ykdysady taýdan netijeliligi ýerdäki EA-dan has ýokary bolar. Men geljek dört ýa-da bäş ýylda EA hasaplamalaryny Gün energiýasynda işleýän EA hemralarynyň kömegi bilen amala aşyrmak has arzan bolar diýip pikir edýärin. Men bäş ýyldan giç diýmezdim” – diýip, milliarder belledi. Onuň aýtmagyna görä, şeýle ulgamlar Ýerde elektrik energiýasyny köp talap edýär we olary sowatmak meselesi-de barha kynlaşýar. Kosmosda bolsa olaryň sanyny artdyrmak we sowatmak aňsat bolar. Mask kosmos tehnologiýalary bilen meşgullanýan SpaceX we elektromobil öndürýän Tesla kompaniýalaryna ýolbaşçylyk edýär we dünýäniň iň baý adamy hasaplanýar. Bloomberg-iň hasaby boýunça, onuň baýlygy 429 mlrd dollardan geçýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir