Xiaomi 2026-njy ýylda ulanyjylaryň smartfon bahalarynyň ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurdy. Bu ýat çipleriniň ep-esli gymmatlamagy bilen baglanyşyklydyr diýip, kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbine salgylanyp, Reuters habar berýär. “Men geljek ýyl basyşyň şu ýylkydan has güýçli bolmagyna garaşýaryn. Umuman alanyňda, sarp edijiler önümleriň bahalarynyň ep-esli ýokarlanmagyny görse gerek. Belki, bahalary ýokarlandyrmagyň hasabyna çykdajylary bölekleýin azaldyp bolar, ýöne bu hem maliýe basyşyndan baş alyp çykmak üçin ýeterlik bolmaz” – diýip, Weýbin žurnalistler bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. Dünýäde ýat çipleri emeli aň enjamlarynda ulanylýan modullara islegiň uludygy sebäpli gymmatlaýar. Bütin dünýäde IT kompaniýalar hasaplaýyş güýçlerini işjeň ösdürip, EA üçin täze maglumat merkezlerini işe girizýär. Netijede, Samsung ýaly öndürijiler sarp ediji enjamlary, şol sanda smartfonlar üçin çip önümçiligini azaldyp, ýokary tizlikli HBM ýatlaryny çykarmaga ünsi jemleýär. Ozal Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Redmi K90 modelleriniň bahasynyň ýokarlanmagyny ýat çipleriniň gymmatlamagy bilen düşündirdi. Kompaniýa üçünji çärýek üçin maliýe hasabatynda bazara 43,3 mln smartfon iberendigini habar berdi – bu bir ýyl ozalkydan 0,5% köpdür. Kompaniýa 13,6% bazar paýy bilen iň uly smartfon öndürijileriniň arasynda üçünji orny saklady. Çärýek üçin girdeji 22,3% ýokarlanyp, 113,1 mlrd ýuan (takmynan, 16 mlrd dollar) boldy. Bu bolsa analitikleriň 116,5 mlrd ýuan çaklamasyndan pesdir. Şol sebäpli Xiaomi-niň paýnamalary Gonkong biržasynda 2,81% arzanlady. Şeýle-de bolsa, ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy 18,2% ýokarlandy.