Apple kompaniýasy App Store Awards ýyllyk baýragynyň finalçylarynyň sanawyny yglan etdi. Oňa kompaniýanyň dürli enjamlary üçin iň gowy programmalar we oýunlar gatnaşýar. Şu ýyl App Store-yň redaksion topary 45 programma önümini saýlady. Finalçylar Apple-iň her bir platformasy, şeýle-de Apple Arcade üçin aýratyn görkezildi. Bulardan başga-da, uly medeni täsiri ýetiren, ulanyjylara jemgyýet bilen has gowy gatnaşmaga kömek eden we täze aragatnaşyk usullaryny açan programmalar aýratyn kategoriýa bölündi. iPhone üçin ýylyň programmasy: BandLab — sazandalar üçin aýdym-saz ýazmaga we garyşdyrmaga mümkinçilik berýän programma; Ladder — güýç türgenleşikleri boýunça kömekçi; Tiimo — iş sanawlaryny düzmek üçin gündelik meýilnamalaşdyryjy. iPhone üçin ýylyň oýny: Capybara Go! — kapibaranyň rolunda haýwanat dünýäsinde başdangeçirmeler; Pokémon TCG Pocket — pokemonly kartoçkalary ýygnamak baradaky oýnuň wirtual görnüşi; Thronefall — strategiki oýun bolup, onda galany duşmanlardan goramaly. iPad üçin ýylyň programmasy: Detail — emeli aň funksiýalary bilen wideoredaktor; Graintouch — gatlaklary we wizual effektleri bolan grafiki redaktor; Structured — senenama we wagt şkalasy bilen edilmeli işleri meýilnamalaşdyryjy. iPad üçin ýylyň oýny: Dredge — balyk tutmak we ýerleri öwrenmek barada başdangeçirmeli horror oýny; Infinity Nikki — özboluşly oýun mehanikasy bolan başdangeçirmeli oýun; Prince of Persia: The Lost Crown — köpden bäri meşhur baş gahryman bilen ekşn-platformer. Mac üçin ýylyň programmasy: Acorn — surat redaktirlemek üçin gural; Essayist — maglumatlary gözlemek we ylmy işleri taýýarlamak üçin programma; Under My Roof — öýdäki ähli zatlary göz öňünde tutup, öý hojalygyny dolandyrmak üçin programma. Mac üçin ýylyň oýny: Assassin’s Creed Shadows — meşhur seriýanyň feodal Ýaponiýada bolup geçýän täze bölümi; Cyberpunk 2077: Ultimate Edition — açyk dünýäde başdangeçirmeli oýun; Neva — garaşsyz ispan studiýasyndan ekşn-platformer. Beýleki kategoriýalarda finalçylary şu salgy boýunça görüp bilersiňiz. Ähli ýeňijiler ýylyň ahyryna golaý yglan ediler.