Şweýsariýaly Rojer Federer 2026-njy ýylda Halkara tennis şöhrat zalyna giriziler. Dabara 27-29-njy awgustda Nýuport amerikan şäherinde geçiriler diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berdi. “Meniň üçin Halkara tennis şöhrat zalyna girmek we sportuň bu görnüşiniň köp sanly beýik çempionlarynyň ýanynda durmak uly hormat. Karýeramyň dowamynda men tennis taryhyna we menden öňküleriň göreldesine hemişe ýokary baha berýärdim. Bu habary Şweýsariýanyň Tennis federasiýasynyň binasynda – meniň ýolumyň başlan ýerinde täze nesil oýunçylarynyň arasynda eşitmek örän aýratyn boldy. Sportda we öz kärdeşleriň tarapyndan şeýle ykrar edilmek – bu uly mertebe. Bu aýratyn pursaty tennis jemgyýeti bilen baýram etmek üçin indiki ýylyň awgustynda Nýuporta gitmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, türgen öz şatlygy bilen paýlaşdy. Federer 44 ýaşynda. Ol dünýäniň öňki birinji raketkasy we “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 20 gezek ýeňijisidir. Onuň üstünlikleriniň arasynda “Uimbldonda” sekiz, Australian Open-de alty, US Open-de bäş titul we “Rolan Garrosda” ýeňiş bar. Umuman alanyňda, Federer Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) 103 ýaryşynda ýeňiş gazandy, bu bolsa taryhda Jimmi Konnorsdan soň ikinji netijedir. Onuň pul baýraklary 130 mln dollardan geçdi. Ol Şweýsariýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde jübüt görnüşde 2008-nji ýylyň Olimpiýa çempiony we ýekelikde 2012-nji ýylyň Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi boldy. 2014-nji ýylda milli topara Dewisiň Kubogyny gazanmaga kömek etdi. Federer 2022-nji ýylda professional karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir