“Pari Sen-Žermeniň” marokkoly goragçysy Aşraf Hakimi Afrikada 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Marokkonyň Rabat şäherinde geçirildi. Baýraga “Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah we “Galatasaraýyň” oýunçysy Wiktor Osimhen hem dalaş edipdi. Hakimi 27 ýaşynda. Ol geçen möwsümde “PSŽ” bilen bilelikde Fransiýanyň çempionatyny, ýurduň Kubogyny we Superkubogyny utdy. Şeýle-de, topar taryhda ilkinji gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy we Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir