Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hormatly myhman hökmünde Ak tama bardy we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maşgalasy bilen tanyşdy diýip, ESPN habar berýär. Sişenbe güni Tramp Waşingtonda Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salmany kabul etdi. “Al-Nasr” saud klubunda oýnaýan futbolçy şazadanyň hormatyna geçirilen kabul edişlige çagyryldy. Ronaldu öz gelni Jorjina Rodriges bilen gatnaşdy. ABŞ-nyň Prezidenti türgene goýan hormaty üçin minnetdarlyk bildirip, ony ähli döwrüň iň beýik futbolçysy diýip atlandyrdy. “Siz bilýäňizmi, meniň oglum – Kriştianu Ronaldunyň uly janköýeri… Indi Berron olary tanyşdyrandygym üçin öz kakasyny has köpräk hormatlaýan bolsa gerek” – diýip, Tramp degişdi. Çäräniň myhmanlarynyň arasynda FIFA-nyň başlygy Janni Infantino, Apple-iň ýolbaşçysy Tim Kuk, Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos we telekeçi Ilon Mask hem bardy. Ozal 40 ýaşly Ronaldu 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň özi üçin karýerasynda soňky boljakdygyny aýtdy. Dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir