“Los-Anjeles Leýkersiň” oýunçysy Lebron Jeýms NBA-nyň (National Basketball Association) häzirki yzygiderli çempionatynda ilkinji oýnuny geçirdi. Ol “Ýuta Jaza” garşy öý oýnunda meýdança çykdy. Şeýlelik bilen, basketbolçy ligadaky möwsümleriň sany boýunça rekord goýdy – 23. Lebron 2020-nji ýylda 22 möwsümden soň karýerasyny tamamlan Wins Karteriň görkezijisinden geçdi. “Leýkers” oýunda 140:126 hasabynda utdy. Duşuşygyň iň netijeli oýunçysy “Los-Anjelesiň” basketbolçysy Luka Donçiç boldy, ol 37 utuk gazandy. Lebron Jeýms 40 ýaşynda. Öň ol “Kliwlend Kawalers” we “Maýami Hit” toparlarynda oýnady. Ol NBA-nyň dört gezek çempiony (2012, 2013, 2016, 2020), yzygiderli möwsümiň dört gezek iň gymmatly oýunçysy (MVP) we play-off finalynyň dört gezek iň gymmatly oýunçysy boldy. ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň düzüminde Lebron üç gezek Olimpiýa çempiony (2008, 2012, 2024) we 2004-nji ýyldaky Oýunlaryň bürünç medalynyň eýesi boldy. Oýunçy sag tarapdan otyrýer nogsanlygy sebäpli häzirki möwsümiň başyny sypdyrdy. Geçen möwsümde Lebron “Leýkersiň” oýunlaryna öz 20 ýaşly ogly Bronni bilen bilelikde gatnaşdy. Olar NBA-nyň taryhynda bir meýdançada ilkinji kaka-ogul dueti boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir