Brýusselde kömelek damarlaryndan (miseliýden) gaplama öndürýän Permafungi fabrigi işläp başlady. Bu "miko-material" doly dargap bilýär we polietileniň hem-de plastigiň beýleki görnüşleriniň ornuna ulanmak üçin işlenip taýýarlanýar. Bu fabrik Ýewropadaky şeýle görnüşli ilkinji önümçilikdir. Önümçiligiň esasy – kömelek damarlary goşulyp taýýarlanýan agaç galyndylaryna esaslanýar. Miseliý zerur görnüşiň şekilini alýança ösýär, soň önüm guradylýar we netijede taýýar gaplama alynýar. Kompaniýa aýlawly ykdysadyýetiň ähmiýetine ünsi çekip, ýerli agaç galyndylaryny gaýtadan işleýär. "Kömelekden gaplama" premium sabynlary we interýer bezeg elementlerini gaplamakda eýýäm ulanylýar. Önümçilik “ýaşyl” infrastruktura daýanýar: energiýa Gün panellerinden gelýär, kömelek damarlary üçin suw ygallardan ýygnalýar. Startap 2030-njy ýyla çenli ähli gaplamalaryň gaýtadan ulanylmagyny talap edýän ÝB-niň talaplaryna laýyk gelýär. Maliýe goldawy Ýewropanyň we hususy gaznalaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Maksat – üç ýylyň içinde ýylda üç million ýewro dolanyşyga ýetmek. Esasy meseleler giňeltmegiň kynlygy we önümçiligiň ýokary çykdajysyny talap etmegidir: kömelek damaryny ösdürmek wagt talap edýär, galyplamak bolsa bölekleýin el bilen ýerine ýetirilýär. Muňa garamazdan, Permafungi biomateriallara geçmegiň oňyn mysaly hökmünde görülýär, bu bolsa nebithimiýa garaşlylygy we plastiki galyndylaryň möçberini azaltmaga kömek eder.