Bostonyň (ABŞ) "Logan" howa menzili eýeleri tarapyndan duralgalarda taşlanan 71 sany awtoulagy auksiona goýdy. Ulaglaryň nähili ýagdaýdadygy öňünden belli däl, resminamalary we açarlary ýok, akkumulýatorlary çöken. Awtoulaglar "bolşy ýaly" satylýar. Alyjylar olary auksiondan soň dessine ulagy alyp gitmeli diýip, CBS News habar berýär. Auksiona goýlan ulaglaryň içinde dürli modeller bar. 1993-nji ýylyň Jaguar XJ modelinden başlap, 2020-nji ýylyň Kia Telluride-yna çenli bar. Şeýle hem Ford, Toyota, Nissan, Volkswagen, Chevrolet, Honda, Hyundai, Jeep, Cadillac we Mercedes-Benz ýaly beýleki meşhur markalaryň ulaglary hem hödürlenýär. Ulaglaryň näme üçin taşlanyp gidilendigi näbelli bolmagynda galýar. Massaçusets ştatynyň kanunyna laýyklykda, awtoulag duralgasynda taşlanan ulag üçin birinji gezek: 250 dollar jerime, soňky gezekler 500 dollar jerime salynýar. Käbir ýagdaýlarda, ulagyň eýesi üç aýlap sürüjilik hukugyndan mahrum edilip ýa-da bir ýyllap başga ulagy bellige aldyrmak gadagan edilip bilner.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir