Londonyň Zoologiýa institutynyň alymlary we olaryň hytaýly kärdeşleri Sianda takmynan 2200–2300 ýyl ozal jaýlanan zenanyň mazarynda gibbonyň (maýmynyň görnüşi) ozal näbelli görnüşiniň galyndylaryny tapdylar. Skelet ilkibaşda 2004-nji ýylda tapylypdy, ýöne jikme-jik öwrenilmegi onuň Nomascus urugynyň ýok bolup giden görnüşine degişlidigini görkezdi diýip, Arkeonews neşiri ýazýar. Barlagçylaryň pikirine görä, mazar Hytaýyň birleşdiriji imperatory Sin Şihuandiniň (b.e. öňki 221–206-njy ýyllar) enesi, dul imperator zenan Sýa degişli bolupdyr. Arheologlar gibbon bilen birlikde beýleki haýwanlaryň — geçigaplaňlaryň, garagulaklaryň, gimalaý aýylarynyň we ýapon durnalarynyň galyndylaryny, şeýle hem bürünç zynjyrlary we hörek berilýän gap-gaçlary tapdylar. Bu bolsa haýwanlaryň gurban edilmän, eýsem eý görlen öý haýwanlary bolandyklaryny aňladýar. Cell žurnalynda çap edilen barlag täze görnüşiň resmi taýdan Nomascus toparyna degişlidigini tassyklady. Genom seljermesi onuň häzirki haýnan gibbony bilen kowumdaşdygyny ýüze çykardy. Bu açyş gibbonlaryň ewolýusiýasyna düşünmäge kömek edýär we Sin imperator maşgalasynyň ekzotik haýwanat dünýäsine bolan gyzyklanmasy barada täze düşünje berýär. Alymlar Hytaýyň merkezi we günorta welaýatlaryndaky gibbonlaryň birnäçe ýüz ýyl ozal ýaşap geçendiklerini we olaryň ýok bolmagyny awlanmak hem-de oba hojalyk ýerleriniň giňelmegi bilen baglanyşykly diýip hasaplaýarlar. Täze maglumatlar gadymy we häzirki gibbon görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklar barada köpden bäri dowam eden jedelleri hem çözýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir